Turkmenportal logo
Düýn 00:00
97509750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjandan sowgat edilen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeri sowgat gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu nebit tankeri Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna geldi. Şu mynasybetli Halkara deňiz portunda dabaralar geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunda Baku gämi önümçilik kärhanasynda öndürilen hemem türkmen tarapyna dostluk nyşany hökmünde sowgat berlen «Dostluk» tankeri mähirli we dabaraly garşylanyldy. «Dostluk» tankeriniň Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna gelmegi mynasybetli dabarada çykyş edenler onuň ýük dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagyna hem-de üstaşyr halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmäge ýardam eder.