Turkmenportal logo
27.06.26
85928592
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi

Şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurduň welaýatlarynda birnäçe medeni çäreler geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaralar Aşgabatda Köpetdagyň etegindäki «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen başlanyldy. Bu asylly däp ýurduň beýleki sebitlerinde hem dowam etdirildi.

Baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly konsertleri, wagyz-nesihat çäreleri, sergiler hem-de «Türkmeniň ak öýi» binalarynda özboluşly dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda 22 – 27-nji iýun aralygynda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilen Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet forumynyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýular. Soňra welaýatyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli konsert geçirildi.