Turkmenportal logo
Düýn 12:32
67256725
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýa iki deňiz tupanyna taýýarlanýar: 2 million adam göçmeli
Surat: vietnam.vn

Ýaponiýada 2 milliondan gowrak adam güýçli ýagynlar we birbada iki sany deňiz tupanynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, göçmek barada duýduryş aldy diýip, «Kyodo» agentligine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.

Ýurduň meteorologik agentliginiň maglumatlaryna görä, 27-nji iýunda «Higos» deňiz tupany Ýaponiýanyň ýuwaş umman kenarýakasyndan gury ýere çykar, şol birwagtda günorta-günbatar etraplara hem «Mekhala» tupany ýetip gelýär, ol soňra Kento sebiti tarapa süýşer.

Meteorologlar biri-birine golaýlanlaryndan soňra tupanlaryň ikisi-de gowşar diýip çaklaýarlar. Emma muňa garamazdan, ilata suw süýşgünleri, siller we güýçli şemal sebäpli seresap bolmak maslahat berildi.