Gyrgyzystanyň dünýä brendine öwrülen, iň buýsançly hem-de giň gerimli taslamasy bolan Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň resmi tanyşdyrylyş wideoroligi çap edildi diýip, «kabar.kg» habar berdi.
Bu ýyl 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli dowam etjek Oýunlar çarwa medeniýetiniň hem-de gaýtalanmajak sport ruhunyň birligini şöhratlandyrar. Gyrgyzystanlylaryň kalbyny heýjana salan wideorolik Çarwadarlaryň oýunlarynyň gerimini we myhmansöýer gyrgyz halkynyň milli aýratynlyklaryny görkezýär.
Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy ýurduň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, paýtagtyň «Bişkek Arena» stadionynda geçer. Oýunlara 90-dan gowrak ýurtdan 3 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Etnosportuň 43 görnüşini özüne jemleýän Oýunlaryň şygary – «Güýjün birligi! Ruhuň birligi!» diýlip yglan edildi.