Turkmenportal logo
Düýn 10:06
46674667
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Grossi BMG-niň işini ilerletmek barada pikirini paýlaşdy
Surat: tass.ru

Birleşen Milletler Guramasy halkara syýasatda öz ähmiýetini kem-kemden elden giderýär, dünýä bolsa iş ýüzünde hereket edýän täsirli gurama zerur. Şeýle ynamly pikiri Birleşen Milletler Guramasynyň täze baş sekretary wezipesine dalaş edýän Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýolbaşçysy Rafael Grossi öňe sürdi diýip, TASS ýazýar.

Ýaponiýanyň Milli metbugat-klubynda bolan duşuşykda çykyş eden Grossi özüniň ähli dünýä liderleri bilen iş salşandygyny nygtap: «Men olary tanaýaryn, olaram meni tanaýarlar. Bu biziň täze ýolbaşçy düzümi döretmek hem-de BMG-niň hakyky ýörelgelerini dikeltmek üçin oňat esas diýip pikir edýärin. Hut şu ýagdaýda gurama zerur halkara meselelerini çözüp biler» diýdi.

Rafael Grossi Argentina tarapyndan BMG-niň baş sekretary wezipesine hödürlendi. Täze baş sekretaryň saýlawlary 2026-njy ýylyň iýulynda bolar. Bu wezipäni 2017-nji ýyldan bäri eýeläp gelýän Antoniu Guterrişiň 31-nji dekabrda möhleti dolýar.