Ýurtlaryň 16-syndan bir müň töweregi halas ediji güýçli ýertitremeden ejir çeken Wenesuela barar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň haýyr-sahawat meselelerini utgaşdyrmak boýunça edarasynyň wekili Ýens Lerke habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Onuň sözlerine görä, Italiýadan, Kolumbiýadan, Meksikadan, Salwadordan, ABŞ-dan, Çiliden we Şewýsariýadan gözleg-halas ediş toparlary eýýäm Wenesuela bardylar. Ýakyn günlerde Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Iordaniýadan, Ispaniýadan, Katardan, Niderlandlardan, Fransiýadan, Çehiýadan we Ekwadordan toparlaryň gelmegine garaşylýar. Lerke şeýle hem Wenesuela kömek etmek üçin BMG-niň haýyr-sahawat meselelerini utgaşdyrmak boýunça edarasy tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlar üçin gaznadan 15 million dollar bölünip berlendigini yglan etdi.
Esasan, La-Guaýra ştatynyň tebigy betbagtçylykdan ejir çekendigini habar berilýär. Ýurduň wagtlaýyn Prezidenti Delsi Rodrigesiň beren beýanatyna görä, ýer yranmada pida bolanlaryň sany 589-a ýetdi.