Turkmenportal logo
Düýn 15:24
77337733
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Koreýa Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlaýar

Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar serhetde intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ikitaraplaýyn Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Agzalan resminama harytlaryň serhetüsti hereketiniň kanunylygyny üpjün etmäge, şeýle hem iki ýurduň ykdysady bähbitlerini we sarp edijileriniň hukuklaryny goramaga gönükdirilen netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kemala getirmegi maksat edinýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýylyň sentýabr aýynda Seul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa — Koreýa sammitiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan Ähtnama gol çekmek maksady bilen, onuň tekstini gysga möhletde ylalaşmagy tamamlamaga taýýardyklaryny tassykladylar.