Turkmenportal logo
Düýn 13:20
73087308
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykan 19 topar belli boldy

Soňky oýun gününiň netijeleri boýunça ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 final tapgyryna gatnaşjak toparlaryň sany 19-a ýetdi. Pleý-off tapgyryna Ýaponiýanyň, Niderlandlaryň, Şwesiýanyň, Awstraliýanyň, Kot-d’Iwuaryň we Ekwadoryň milli ýygyndylary çykdy.

Mundan ozal pleý-off tapgyryna gatnaşmaga Meksikanyň, Günorta Afrikanyň, Şweýsariýanyň, Kanadanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Braziliýanyň, Marokkonyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Norwegiýanyň, Argentinanyň hem-de Kolumbiýanyň ýygyndylary hukuk gazanypdy.

Oýun gününiň netijeleri

E toparçasynda Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysy Kýurasaony 2:0 hasabynda ýeňip, toparçada ikinji orny eýeledi we öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy. Toparçadaky beýleki duşuşykda Ekwador Germaniýany 2:1 hasabynda ýeňip, üçünji orun bilen pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Şeýle-de bolsa, Germaniýanyň ýygyndysy ilkinji iki tapgyrdan soň eýýäm 1/16 finala gatnaşmagy üpjün edipdi.

F toparçasynda birbada üç ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy. Niderlandlar Tunisi 3:1 hasabynda ýeňip, toparçada birinji orny eýeledi. Ýaponiýa bilen Şwesiýanyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Bu netije iki ýygynda hem degişlilikde ikinji we üçünji orunlardan pleý-off tapgyra çykmaga mümkinçilik berdi.

D toparçasynda ýaryşyň ýer eýeleri bolan ABŞ-nyň ýygyndysy Türkiýeden 2:3 hasabynda ýeňildi. Şeýle-de bolsa, amerikalylar öňünden toparçada birinji orny eýelemegi üpjün edipdi. Awstraliýa bilen Paragwaýyň arasyndaky duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy we awstraliýalylar hem pleý-off tapgyryna çykdy.

1/16 finalyň jübütleri

Soňky oýun gününiň netijeleri boýunça pleý-off tapgyryň ilkinji oýunlarynyň dört duşuşygy belli boldy:

  • Günorta Afrika – Kanada;

  • Niderlandlar – Marokko;

  • ABŞ – Bosniýa we Gersegowina;

  • Braziliýa – Ýaponiýa.

Çempionatyň rekordlary

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Ýaryşyň giňeldilen görnüşi eýýäm netijelilik boýunça täze rekordyň goýulmagyna mümkinçilik berdi. Penşenbe güni geçirilen oýunlardan soň çempionatda derwezelere jemi 177 gol geçirildi. Şeýlelikde, 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatyndaky 172 gola barabar bolan öňki rekord täzelendi.

Şeýle hem tomaşaçy sany boýunça täze rekord goýuldy. Ekwador bilen Germaniýanyň arasyndaky duşuşykdan soň çempionatyň tomaşaçylarynyň sany 3,6 milliondan geçdi. Öňki rekord – 3,5 million tomaşaçy – 1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen dünýä çempionatynda hasaba alnypdy.

Ýaponiýanyň ýygyndysynyň goragçysy Ýuto Nagatomo Şwesiýa garşy geçirilen duşuşykda meýdança çykyp, dünýä çempionatlarynyň bäşisinde çykyş eden ilkinji aziýaly futbolçy boldy.

Germaniýanyň ýygyndysyna dolanan derwezeçi Manuel Noýer Ekwador bilen geçirilen duşuşykda dünýä çempionatlaryndaky 22-nji oýnuny geçirdi. Şeýlelikde, ol argentinaly Diego Maradonanyň görkezijisini yzda galdyrdy. Bu ugurda Noýerden diňe Lionel Messi (28 oýun), Lotar Matteus (25), Miroslaw Kloze (24), Ronaldo (24) we Paolo Maldini (23) öňde barýar.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.