Turkmenportal logo
26.06.26
75847584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-da 10 million adama ýangyn, guraklyk we otly tüweleý howp salýar
Surat: mir24.tv

Diňe soňky günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 80 töweregi täze tebigy ýangyn tutaşdy. Olary söndürmäge alty müň töweregi adam gatnaşýar diýip, «MIR 24» gürrüň berýär. Ýangynlar ýurduň 10 million ýaşaýjysyna howp salýar, olary öçürmäge güýçli şemal päsgel berýär.

Adatdan daşary yssy howa, guraklyk we güýçli ýel gektar yzyna gektar ýakýar. Ýuta ştatynda adamlaryň janyna howp salýan ýangyn sebäpli tutuş şäheri howpsuz ýere göçürdiler. Ýurika şäheriniň ýaşaýjylary öz öýlerini terk edýär. Ýangynlar ol ýerde eýýäm üç gündür, dowam edýär, hemişelik tüsse sebäpli bir ädim öňüňi saýgarmak kyn.

«Bu gaty hesretli. Ýol, bu daglar we köp ýatlamalar. Bularyň ählisi-de ýanyp küle döndi. Onsoňam ol ýerde kän ýabany haýwanlaram bardy ahbetin» diýip, Ýurika şäheriniň ýaşaýjysy Kenni Wudword gürrüň berýär.

Esasy ojaklar Uly basseýnde ýerleşen, bular – Newada, Ýuta, Aýdaho ştatlary. Günorta-günbatarda, demirgazyk-günbatarda we Alýaskada-da birnäçe ýangyn hasaba alyndy. 10 million adam howp barada habarly edildi.

Maýamide bolsa, seýrek tebigy hadysa – otly tüweleý gördüler. Alawdan we tüsseden ybarat on metr boýly tüweleý ilatly ýerlerden gyratlap geçdi, özem öňünden çykan zady syryp-süpürip barýardy. Ýangynyň ýaýramazlygy üçin ýangyn söndürijiler garşylyklaýyn ot ýakdylar.

Sinoptikler häzirlikçe gowy howa barada begendirip bilenoklar. Golaý günlerde täze ýangynlaryň döremek töwekgelçilikleri ýokary. Mysal üçin, Günorta Kaliforniýada ertir howanyň derejesi 37 gradusdan hem geçer.