Turkmenportal logo
Düýn 09:04
41304130
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni baý mazmunly wakalara beslendi

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli forumyň dördünji güni hem medeni ähmiýetli çärelere baý bolup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi hepdeligiň esasy maksadyna laýyk gelýär. 

TDH-de habar berlişi ýaly, Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň çäklerinde «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de onuň garamagyndaky goraghanalaryň hünärmenleridir alymlar gatnaşdylar. Şeýle hem Balkan welaýat kitaphanasynda täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. 

Hepdeligiň dördünji gününiň maksatnamasyndaky çäreler Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler. Olaryň belent ruha beslenen aýdym-sazly, joşgunly tanslar bilen utgaşan çykyşlary ýaşlaryň bu ugra gyzyklanmalarynyň ýokarydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

Balkan welaýat kitaphanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing hem geçirildi. Brifingiň başynda ilkinji gezek emeli aň esasynda taýýarlanylan hem-de saz we ses serişdeleri bilen bezelen wideorolik görkezildi. Ol Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine bagyşlandy. Wideoroligiň emeli aňyň mümkinçilikleri bilen taýýarlanylmagy we çärä gatnaşyjylara görkezilmegi duşuşygyň mazmunyna laýyk gelýär.

Giň gerimli döredijilik forumynyň dördünji gününiň medeni çäreleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda jemlendi. Bu ýerde kino sungatynyň ussatlary bilen duşuşyk geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmiň görkezilişi boldy. Ol medeni çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Şeýlelikde, Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni hem gyzykly we özüne çekiji wakalary bilen olara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.