24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, gazak tarapyna bolsa Premýer-ministriň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, nebit-gaz, oba hojalygy, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar.
Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde türkmen-gazak işewürler forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Türkmenistandan öňdebaryjy 40-a golaý kompaniýanyň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň we ösüş institutlarynyň 100-den gowrak wekiliniň gatnaşandygy bellenildi.
Forumyň dowamynda gazak tarapy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny hödürledi. Aýratyn-da, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk pudagy, farmasewtika we oba hojalyk önümçiligi ugurlarynda önümleriň üpjünçiligini ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň işewürleriniň wekilleri gazak kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Çäräniň çäklerinde birnäçe anyk ylalaşyklar gazanyldy:
— «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkezi» paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Memorandumyna gol çekildi;
— elektron söwda ulgamynda gazagystanly «Silk Way Asia Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketi bilen türkmen kompaniýalary «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we «Gamma» hususy kärhanasynyň arasynda ylalaşyklar baglaşyldy;
— maýa goýum-gurluşyk pudagynda «Ashra Solutions» TОО bilen «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk gol çekildi.