24-nji iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde Hubeý welaýat komitetiniň sekretary Guan Çžio sebitе amala aşyrylan giň gerimli tanyşlyk saparynyň çäklerinde gelen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de ŞHG ýaly öňdebaryjy halkara guramalaryň bilermenleriniň wekiliýeti bilen resmi duşuşyk geçirdi. Tanyşlyk sapary «Hubeý – açyklygyň içerki merkezi we strategik öwrülme» diýen simwoliki at bilen guraldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, Hubeý welaýat komitetiniň sekretary bilen geçirilen duşuşykda HHR-de akkreditirlenen 27 döwletiň we halkara guramanyň ilçileriniň hem-de ýokary wezipeli diplomatlarynyň adyndan Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew çykyş etdi.

Şeýle hem çärä Hytaýyň «Sinhua» döwlet habarlar agentliginiň baş redaktorynyň orunbasary Žen Weýdun,welaýat komitetiniň sekretarynyň orunbasary Žuge Ýuýsze gatnaşdylar.
Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy tutuş wekiliýetiň adyndan Hubeý welaýatynyň ýolbaşçylaryna, «Sinhua» institutyna we ähli guramaçylara saparyň ýokary derejede guralandygy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşda şu ýylda ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklaryň netijesinde täze badalga alan döwletara gepleşikleriň ýokary depginine aýratyn üns çekildi.
Gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan Hubeý welaýatynyň esasy orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi.
Resmi duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň HHR-däki ilçisi P.Durdyýew ähli gatnaşýan diplomatik wekilleriň adyndan tanyşlyk saparynyň guramaçylaryna sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini jikme-jik öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de saparyň ýurtlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de berkemegine hyzmat etjekdigini belledi.