Turkmenportal logo
Düýn 14:23
56355635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wenanyň ýokary sylagyna mynasyp boldy

24-nji iýunda Wena şäheriniň häkimliginde (Ratuşada) Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeri sylaglamak dabarasy boldy. Wenanyň häkimi Mihael Lýudwigiň karary bilen oňa Wena federal çäginiň we şäheriniň Altyn nyşany — Uly Maltez atly haç ordeni gowşuryldy.

Dabarany Wenanyň medeniýet we ylym meseleleri boýunça geňeşçisi Weronika Kaup-Hasler alyp bardy. Ol çärede eden çykyşynda Neda Bergeriň Wena bilen Aşgabat şäherleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge, aýratyn-da, Türkmenistanda Wena ballaryny guramaga goşan goşandyny aýratyn belledi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçisi Hemra Amannazarow çykyş edip, N.Bergeri Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan gutlady we onuň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekdäki ornuny nygtady.

Neda Berger hoşallyk sözünde Wenanyň häkimi Mihael Lýudwige bu sylag hem-de Aşgabatdaky Wena ballaryna köp ýyllaryň dowamynda beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol geňeşçi Kaup-Haslere we dabaranyň ähli guramaçylaryna sagbolsun aýtdy. Berger çykyşynyň ahyrynda 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda ýazan we Aşgabatda geçirilen ilkinji Wena balyna bagyşlan goşgusyndan bir bölek okap berdi.

Türkmen-Awstriýa jemgyýeti mundan 18 ýyl ozal döredildi. Geçen döwrüň dowamynda Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda Aşgabatda we täze Arkadag şäherinde alty sany Wena baly, şeýle hem Baku we Astana şäherlerinde şuňa meňzeş çäreler geçirildi. Bar bolan maglumatlara görä, jemgyýetiň meýilnamalarynda Türkmenistanyň «Awaza» şypahanasynda VII Wena balyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, Neda Berger ikitaraplaýyn halkara jemgyýetiň ýolbaşçylarynyň arasynda Wena şäheriniň bu sylagyna mynasyp bolan ilkinji ýolbaşçy boldy.