24-nji iýunda agşam Wenesuelada bir minutdan hem az wagtda yzly-yzyna iki sany güýçli ýer titreme bolup geçdi. Birinji ýer titreme ýerli wagt bilen sagat 18:04-de bolup, onuň magnitudasy 7,2 bal boldy. Ýer titremäniň episentri ýurduň paýtagty Karakasdan takmynan 160 kilometr günbatarda ýerleşýän Karabobo ştatynyň Moron şäheriniň golaýynda hasaba alyndy. Şondan 40 sekunt soň episentri Ýumare şäherinden 23 kilometr günorta-gündogarda ýerleşen, magnitudasy 7,5 bal bolan has güýçli ikinji ýer titreme bolup geçdi.
Ýerasty sarsgynlar köp sanly binalaryň ýykylmagyna we ýurtda, aýratyn-da, paýtagtda uly howsalanyň döremegine sebäp boldy. Adamlar yrgyldap duran binalardan howlukmaç çykaryldy. Köp adamlar diwar bölekleriniň ýykylanyna we jaýlaryň içki bölekleriniň açylmagyna öz gözleri bilen şaýat boldular. Ýykylan elektrik sütünleri we gurluşyk galyndylary köp köçeleri baglady. Paýtagtyň käbir ýerlerinde elektrik energiýasy hem-de ykjam aragatnaşyk hyzmatlary kesildi — diýip, euronews saýty ýazýar.
Ýer titremeler iň köp derejede Truhilýo, Ýarakuý, Karabobo, Aragua we Miranda ştatlarynda, şeýle hem Karakas we La-Guaýra şäherlerinde, aýratyn-da Los-Palos-Grandes we Altamira etraplarynda duýuldy.
Soňky resmi maglumatlara görä, tebigy betbagtçylygyň netijesinde azyndan 32 adam heläk bolup, takmynan 700 adam ýaralandy. Ýurduň wagtlaýyn döwlet baştutany Delsi Rodriges deslapky maglumatlaryň La-Guaýra ştatynda, Karakasyň töwereklerinde we iň uly zyýan çeken şäher howa menzilinde bolan pidalary öz içine almaýandygyny aýtdy.
Delsi Rodriges ýurtda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilendigini yglan etdi. Şeýle-de ol ýurduň esasy howa menziliniň uly zeper ýetmegi sebäpli ýapylandygyny, metro we demir ýol gatnawlarynyň bolsa wagtlaýyn togtadylandygyny habar berdi.
ABŞ-nyň Geologiýa gullugy (USGS) ýagdaýyň howplulyk derejesini gyzyl dereje hökmünde kesgitledi. Gullugyň täzelenen çaklamalaryna görä, heläk bolanlaryň sanynyň 1 müňden 10 müňe çenli ýetmek ähtimallygy 39 göterime, 10 müňden 100 müňe çenli ýetmek ähtimallygy bolsa 37 göterime deňdir. Mümkin bolan ykdysady ýitgiler Wenesuelanyň jemi içerki önüminiň 1–4 göterimi möçberinde bahalandyrylýar.
ABŞ ejir çekenlere goldaw bermek maksady bilen Wenesuela gözleg-halas ediş toparlaryny, lukmançylyk serişdelerini we ynsanperwer kömek serişdelerini iberer. ABŞ we Kuba ýaly döwletleri goşmak bilen 10-dan gowrak ýurt Wenesuela bilen raýdaşlygyny bildirip, kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Bu ýer titremeler soňky ýüz ýyldan gowrak döwrüň dowamynda Wenesuelada bolup geçen iň weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.