Turkmenportal logo
Düýn 11:57
91409140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň uniwersiteti Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet dolandyryş instituty hem-de Laurea Amaly ylymlar uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Bu resminama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, sanly bilim tehnologiýalary, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem taraplaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, halkara tejribäni alyşmak we innowasion başlangyçlary goldamak üçin täze mümkinçilikler açylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Gol çekişlik dabarasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar diýlip, habarda bellenilýär. 

Türkmenistanyň uniwersiteti Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Ähtnama gol çekdi | Turkmenportal.com