Turkmenportal logo
Düýn 10:58
83248324
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Peruda soňky 10 ýyldaky dokuzynjy Prezident saýlandy
Surat: Surat: russian.news.cn

Peruda geçen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda «Halkyň güýji» sagçy partiýasyndan dalaşgär Keýko Fuhimori ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Saýlaw işleri milli edarasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Sesleriň  99,86 göterimi sanalandan soňra, Fuhimori 50,12 göterim ses aldy, onuň garşydaşy, «Bilelikde Peru üçin» partiýasynyň lideri we çepçi güýçleriň wekili Roberto Sançesiň 50,12 göterim goldaw alandygy belli boldy.

Keýko Fuhimori ýurdy 1990 – 2000-nji ýyllarda dolandyran öňki Prezident Alberto Fuhimoriniň gyzydyr, ol öňem Prezident saýlawlaryna gatnaşyp, şowsuzlyga uçrapdy.

Täze döwlet Baştutany eýýäm Perunyň 2016-njy ýylyň iýulyndan bäri biri-birini çalşan dokuzynjy Prezidenti bolar. Onuň kasam kabul etmek dabarasy 28-nji iýula bellendi.