Turkmenportal logo
Düýn 10:52
62506250
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mask 118 milliard dollaryny ýitirip, trillioner bolmagyny bes etdi
Surat: tass.ru

«SpaceX» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň emlägi 957 milliard dollara çenli azaldy, netijede, amerikan işewüri trillioner bolmagyny bes etdi.  Bu barada «Bloomberg» neşiriniň «Milliarderleriň indeksine» (Bloomberg Billionaires Index - BBI) salgylanýan TASS habar berdi.

Bu indeks şeýle-de kompaniýanyň paýnamalarynyň nyrhy esasynda hasaplanýar. Soňky üýtgeşmeleriň barşynda amerikaly telekeçiniň baýlygy 118 milliard dollar azaldy.

Ýeri gelende, 12-nji iýunda Mask dünýäde emlägi trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. Muňa onuň «SpaceX» kompaniýasynyň paýnamalarynyň ilkinji gezek biržada satylyp başlanmagy sebäp boldy. Şunlukda, işewür iki hepdeden az wagt trillioner derejesinde saklandy.