Turkmenportal logo
Düýn 10:49
48444844
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň maliýe ministri bilen duşuşdy

24-nji iýunda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Maliýe ministri Laşa Husişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar maliýe-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna garadylar hem-de onuň mundan beýläkki ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, bank ulgamyny ösdürmek, salgyt mehanizmlerini kämilleşdirmek, şeýle hem iki ýurduň maliýe gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler. Mundan başga-da, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlar barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň maliýe edaralarynyň arasyndaky ynamy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge we tagallalary utgaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.