Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň etraplarynda inženerçilik ulgamlaryny (ilatly ýerleriň suw, lagym we elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny, köçeleri) gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadanlaş-dyrmak) işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bolan hem-de Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Ähli isleg bildiren ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ýollap bilerler: Änew şäheriniň Ahal köçesiniň 21-nji jaýy (welaýatyň Düýpli gurluşyk müdirligi). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993137) 33-4-17, 33-5-40. Faks belgisi: (+99312) 59-43-27.