Turkmenportal logo
Düýn 19:22
26772677
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Filippinlerde geçirilen resmi dabaraly çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Filippinlerdäki ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) A. Baýramow Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 128 ýyllygy mynasybetli geçirilen resmi çärelere gatnaşdy.

Çäreleriň çäklerinde onuň Filippinleriň Prezidenti Ferdinand Markos-kiçisi bilen duşuşygy geçirildi. Şeýle hem ilçi Filippinleriň Daşary işler sekretary Teresa Lazaro bilen söhbetdeş boldy we ýurduň Daşary işler departamentiniň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegi hem-de däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Saparyň dowamynda ilçi A. Baýramowyň Aziýa ösüş bankynyň wise-prezidenti I. Ýang bilen hem duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar bilelikdäki taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.