Belet striming platformasy öz toplumyna pop aýdym-sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň ömrüne we döredijilik ýoluna bagyşlanan «Maýkl» atly aýdym-saz baýopigini goşdy.
Film aýdymçynyň çagalyk ýyllary, dünýä meşhurlygyna ýetmegi hem-de häzirki zaman aýdym-saz taryhynda iň täsirli şahsyýetleriň birine öwrülişi barada gürrüň berýär. Filmiň režissýory hökmünde «Türgenleşik güni» (Training Day) trilleri bilen tanalýan Antuan Fukua çykyş etdi, Maýkl Jeksonyň keşbini bolsa onuň doganoglany Jaafer Jekson ýerine ýetirdi.
Taslamanyň üstünde birnäçe ýylyň dowamynda işlenildi. Döredijiler aýdymçynyň zehininiň ululygyny we onuň aýdym-saz ýolundaky esasy tapgyrlaryny görkezmegi maksat edinipdirler. Şeýle-de bolsa, baýopik jemgyýetçilikde giň seslenme döretdi, sebäbi onda meşhur aýdymçynyň terjimehalynyň iň jedelli sahypalaryna, şol sanda onuň durmuşynda möhüm orun eýelän ýokary derejeli kazyýet işlerine we dürli aýyplamalara ýüzlenilmändir.
Film eýýäm dünýäniň dürli künjeklerindäki tomaşaçylaryň ünsüni çekdi we dünýä prokatynda takmynan 800 million ABŞ-nyň dollary möçberinde girdeji gazandy. Şol bir wagtyň özünde-de döredijileriň Maýkl Jeksonyň şahsyýetini näderejede hakyky edip görkezip bilendigi baradaky çekişmeler dowam edýär. Köp tankytçylar filmi rowaýata öwrülen ýerine ýetirijä onuň muşdaklarynyň ony ýatlamak duýgularynyň täsiri astynda seretmek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirýärler. Muňa garamazdan, tomaşaçylaryň bahalary has oňyn bolup galýar.
Indi Belet striming platformasynyň ulanyjylary soňky ýyllaryň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan aýdym-saz baýopiklerinden birini görüp bilerler.