Türkmenistanyň Belet striming platformasy 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny, şol sanda ýaryşyň dabaraly açylyşyny hem göni ýaýlymda görkezmegi meýilleşdirýär. Bu barada hyzmatyň metbugat gullugy Turkmenportal neşirine habar berdi.
Kompaniýanyň beýanatynda: «Belet platformasy futbol boýunça DÇ-2026-nyň ähli 104 oýnuny, şol sanda açylyş dabarasyny hem göni ýaýlymda görkezer» – diýlip aýdylýar.
Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň stadionlarynda geçiriler. Ýaryş penşenbe güni Meksikanyň hem-de Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek açylyş duşuşygy bilen badalga alar. Oýun Mehikodaky meşhur «Asteka» stadionynda geçiriler. Duşuşygyň başlanjak wagty Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de, açylyş dabarasy bolsa sagat 23:00-da bolar.
Bu gezekki dünýä çempionaty öz taryhynda 23-nji bolup, ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçiriler. Toparlar her birinde dört ýygyndy bolan 12 toparça bölündi. Şeýle hem dünýä çempionatynda Iordaniýanyň, Kabo-Werdäniň, Kýurasaonyň we Özbegistanyň milli ýygyndylary ilkinji gezek çykyş eder.
Futbol boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirildi. Şol ýaryşyň eýeleri finalda Argentinanyň ýygyndysyny 4:2 hasabynda ýeňip, taryhda ilkinji dünýä çempiony boldular. Gyzykly tarapy, şol çempionata bary-ýogy 13 ýygyndy gatnaşypdy we saýlama tapgyry bolsa asla geçirilmändi.
Dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp çempionlyk adyny Braziliýanyň milli ýygyndysy gazandy. Braziliýalylar bäş gezek — 1958, 1962, 1970, 1994 we 2002-nji ýyllarda dünýä çempiony boldular. Şeýle-de olar dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmagy hiç wagt goýberip görmedik ýeke-täk ýygyndy bolup, öňki 22 ýaryşyň hemmesinde çykyş etdiler.
Dünýä çempionatlarynda iň köp gol geçiren futbolçy germaniýaly hüjümçi Miroslaw Kloze bolup durýar. Ol 2002, 2006, 2010 we 2014-nji ýyllardaky ýaryşlarda jemi 16 gol geçirdi.
Ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýan kubok 36,5 santimetr beýiklikde we 6,1 kilogram agramda bolup, 750 mähekli altyndan italiýaly heýkeltaraş Silwio Gassaniginiň taslamasynyň esasynda taýýarlanypdyr. Kubogyň asyl nusgasy hemişelik FIFA-nyň Sýurih şäherindäki baş edarasynda saklanýar. Dünýä çempiony bolan topara bolsa onuň altyn çaýylan bürünç nusgasy gowşurylýar.