Turkmenportal logo
Şu gün 16:00
52415241
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 «Täze aý» et önümleriniň görnüşlerini täze şöhlat önümleri bilen giňeltdi

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Täze aý» kärhanasynyň şöhlat önümçilik bölümi alyjylara şöhlat we büzmeçe önümleriniň täze görnüşlerini hödürledi. «Bedew», «Maksat», «Aýbölek», «Şapak» we «Çynar» atly täze önümler eýýäm ýurdumyzyň söwda nokatlaryna iberilip başlandy. Şeýlelikde, olar Türkmenistanyň iri et önüm öndürijileriniň biri bolan «Täze aýyň» önüm sanawyny has-da baýlaşdyrdy.

Täze ýarym kakadylan «Bedew» we «Maksat» şöhlaty baý et tagamy we tebigy kakadylan ysly hoşboýlygy bilen tapawutlanýar. Bu önüm gündelik iýmitlenmek üçin hem, baýramçylyk saçaklary üçin hem amatly hasaplanýar. Öz gezeginde, «Aýbölek», «Şapak» we «Çynar» büzmeçeleri çalt taýýarlanylýan we amatly tagamlary halaýan sarp edijiler üçin niýetlenip, näzik gurluşyny ýokary hil talaplary bilen utgaşdyrýar.

«Täze aý» kärhanasy her gün takmynan 45 tonna et önümlerini öndürýär. Kärhananyň şöhlat we et delikatesleriniň görnüşleri 100-den gowrak ady öz içine alýar.

«Täze aý» haryt nyşany bilen işleýän önümçilik birleşigi önümçiligiň her bir tapgyryna — mallary ösdürip ýetişdirmekden başlap, taýýar önümi çykarmaga çenli aýratyn üns berýär. Kärhananyň öz fermalarynda hil gözegçiligi berk ýola goýlup, mallaryň saklanyşy, iýmitlendirilişi we semredilişinden başlap, ahyrky önümiň alynmagyna çenli ähli işler yzygiderli gözegçilikde saklanýar.

Weterinariýa barlagyndan geçirilen mallar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen.Soýumhanada halal gönüşde soýulyp, ýörite sowadyjy topluma ugradylyp, şol ýerde et gaýtadan işlenilýär we önümçilik bölümlerinde ulanmaga taýýarlanylýar. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme «Täze aý» kärhanasyna önümleriniň howpsuzlygyny, ýokary hilini we ajaýyp tagam aýratynlyklaryny kepillendirmäge mümkinçilik berýär.

Kärhanada azyk önümleriniň howpsuzlygy boýunça halkara ülňüleriň berjaý edilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Önümçilik ISO 9001, ISO 22000 we Halal standartlary boýunça sertifikatlaşdyrylyp, önümleriň häzirki zaman hil we howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.

«Täze aý» kompaniýasy sarp edijileriň isleglerini nazara alyp, önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeldýär we täze önümleri önümçilige ornaşdyrýar. «Bedew» we «Maksat»  şöhlatlary we «Aýbölek», «Şapak» we «Çynar» büzmeçeleriniň öndürilip başlanmagy kompaniýanyň et önümleri ugruny ösdürmekde nobatdaky ädim boldy. Häzirki wagtda bu haryt nyşanynyň önümleri Türkmenistanyň içerki bazarynda giňden hödürlenýär.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal kärhana «Talyp» atly gaýnadylan şöhlatyny, «Hindi guş» atly hindi towugynyň etinden taýýarlanan gaýnadylan şöhlatyny, şeýle hem «Büzmeýin» atly gaýnadylan we ýarym kakadylan şöhlat görnüşlerini bazara çykarypdy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:    (800522) 1 82 30,   (800522) 1 82 39.