Turkmenportal logo
Şu gün 12:53
44254425
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Soýuzmultfilm» 90 ýylda 3 müňe golaý multfilm öndürdi
Surat: dzen.ru

Russiýanyň «Soýuzmultfilm» («Союзмультфильм») kinostudiýasy esaslandyrylan dsöwründen bäri 2,9 müň multfilm döretdi. 2036-njy ýylda bellenjek 100 ýyllyk ýubileý senä çenli studiýanyň önümleriniň sany 4 müňden hem geçer diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.

Habarda 1936-njy yýldan bäri kinostudiýada öndürilen multiplikasion önümleriň takyk sanynyň 2943-digi, özem olaryň ýarysynyň soňky 15 ýylda öndürilendigi bellenýär. 2036-njy ýylda olaryň sanynyň 4 müňden geçjekdigini kinostudiýanyň metbugat gullugy habar berdi.

«Soýuzmultfilmiň» tutuş taryhynda onuň önümleri 800-den gowrak halkara we milli baýraklary aldylar. Olaryň arasynda iň meşhury Ýuriý Nornşteýniň «Dumandaky kirpijik» (1975 ý) multfilmidir. Kinostudiýanyň iň öndümli režissýory 60-dan köp animasion işleri bilen tanalýan Wýaçeslaw Kotenoçkin.

«Soýuzmultfilm» bu gün häzirkizaman mediaholdingi we Russiýada iň iri animasion studiýa bolup, her ýylda 20 sagatlyk animasiýa öndürýär. Olar seriallar, doly we gysgagöwrümli filmlerdir.  Kinostudiýanyň «Мультиландия» we «Умка» diýen teleýaýlymlary hem bar.