Turkmenportal logo
Şu gün 12:31
58075807
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstraliýanyň iň kiçi şäheri satuwa çykaryldy

Awstraliýanyň gündogar böleginde ýerleşýän we ýurduň iň kiçi şäheri hökmünde resmi taýdan ykrar edilen Kuladdi (Cooladdi) şäherçesi satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 400 müň awstraliýa dollaryna (takmynan 270 müň ABŞ-nyň dollaryna) deňdir.

Ilatly nokat Brisbane şäherinden 800 kilometrden gowrak günbatarda ýerleşýär. Häzirki wagtda şäherçäniň ilaty bary-ýogy iki adamdan ybarat. Satuw şertnamasynyň çäklerinde alyjy dört ýatylýan otagly ýolýaka toplumyny, motel, umumy harytlar dükanyny, pab hem-de dört ýyldyzly restorany eýelär. Şeýle-de şäherçäniň öz poçta indeksi bar.

Häzirki eýeleri — Kerol Ýarrow we Jo Kornell — 2023-nji ýylda «Foxtrap Road House» toplumyny satyn alyp, şäherçäni täzeden ösdürmek boýunça üç ýyllyk meýilnamany durmuşa geçirip başladylar. Häzir bu möhlet tamamlanýar: Kerol Ýarrow pensiýa çykmagy meýilleşdirýär, Jo Kornell bolsa ýaşaýan ýerini üýtgetmekçi bolýar. Bu ýeriniň täze eýesi poçta bölüminiň, dükanyň, restoranyň, moteliň we pabyň dolandyrylyşyny ýeke özi öz üstüne almaly bolar.

Gozgalmaýan emläk boýunça hünärmen Bekki Jessmanyň sözlerine görä, şäherçe adaty bolmadyk durmuş ýörelgesini saýlamak isleýän ýaş telekeçiler, çagaly maşgalalar ýa-da uly ýaşly är-aýallar üçin amatly bolup biler.

Geçmişde Kuladdi demir ýol ulgamy üçin möhüm merkezleriň biri bolupdyr. Bir wagtlar onuň ilaty 270 adama çenli ýetipdir. Şäheriň öz mekdebi, et dükany we polisiýa bölümi hem bolupdyr. Şäheriň pese gaçyşy 1917-nji ýylda demir ýol ugrunyň Kwilpi şäherine çenli uzaldylmagyndan soň başlapdyr. 1967-nji ýylda ýolagçy gatnawynyň bes edilmegi bilen şäherçe düýbünden boşapdyr.

Uzakda ýerleşýändigine garamazdan, Kuladdi syýahatçylaryň ünsüni çekmegini dowam etdirýär. Oňa iň ýakyn iri şäher bolan Şarlewil (takmynan 3 müň ilatly) ulag bilen bary-ýogy 55 minutlyk aralykda ýerleşýär.