Turkmenportal logo
Şu gün 12:00
85218521
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenterjime» kärhanasy täze we giňeldilen hyzmatlar toplumyny hödürleýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmenterjime» kärhanasy resmi, şahsy we täjirçilik resminamalarynyň GDA, Ýewropa we Aziýa döwletleriniň dillerinden/ dillerine ýokary hilli terjime hyzmatlaryny hödürleýär. Kärhana tarapyndan terjime edilen resminamalar ýörite nyşanly möhür bilen tassyklanýar we diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäniň ähli ýurtlarynda resmi taýdan ykrar edilýär.

Häzirki wagtda kärhana hödürleýän hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltdi. Indi müşderiler aşakdaky goşmaça hyzmatlardan hem peýdalanyp bilerler:

  • Ilçihanalar we beýleki edaralar üçin sowalnamalary doldurup bermek we arzalary ýazyp bermek – daşary ýurt ilçihanalaryna degişli resminamalary terjime etmek bilen bir hatarda, sowalnamalary we arzalary ýalňyşsyz hem-de takyk doldurup bermek hyzmaty.

  • Wiza üçin resminamalary toplap,  olary ýokary hilli terjime etmek– kärhana wiza almagyň iň kyn we jogapkärli tapgyryny aňsatlyk bilen we wagtyňyzy tygşytlap çözmäge mümkinçilik döredýär.

  • Daşary ýurda okuwa girýän talyplar üçin resminamalary toplap, ýokary hilli terjime etmek – kärhananyň hünärmenleri talyplyga dalaşgärleriň okuw resminamalarynyň doly toplumyny we olaryň terjimelerini halkara standartlaryna laýyklykda, ýokary hilli taýýarlamaga ýardam edýärler.

  • Ilçihanalar üçin elektron nobat alyp bermek hyzmaty.

  • Elektron resminama bukjasy: Ähli resminamalary PDF görnüşine geçirip, dünýäniň islendik ýokary okuw mekdebine ýa-da guramasyna elektron poçta arkaly ugratmak.

  • Maslahatlarda we ikitaraplaýyn duşuşyklarda dilden terjimeçilik hyzmaty.

«Türkmenterjime» kärhanasy şahsy we täjirçilik kagyzlarynyň, şertnamalaryň,  harytnamalaryň, esaslandyryjy resminamalaryň, lukmançylyk resminamalarynyň hem-de dürli ugurdaky (hukuk, tehniki, ykdysady, ylmy-publisistiki) ýazgylaryň takyk we professional terjimesini ýerine ýetirýär. Kärhana müşderileriň maglumatlarynyň gizlinliginiň berk saklanylmagyna we işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine doly kepil geçýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Garryýew köçesi, 17-nji jaý.

  • Elektron poçta: tmterjime@sanly.tm

  • Web saýt: terjime.com.tm

  • Telefon belgileri: 94-19-78;  94-19-68; 94-17-16;