Turkmenportal logo
Şu gün 11:23
33193319
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçiriljek maýa goýum forumyny guraýjylar boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 2026-njy ýylyň 7-8-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny guraýjyny saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, arzalar we degişli resminamalar 1-nji iýula, sagat 17:00-a çenli şu salgyda kabul edilýär: Arçabil şaýoly, 156. Bäsleşigiň özi bolsa 2-nji iýulda sagat 10:00-da geçiriler.

Bäsleşik resminamalaryny almak we gatnaşmagyň şertleri barada maglumat edinmek üçin gyzyklanma bildirýän guramalar ministrligiň bäsleşik toparyna ýüz tutup bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38