Türkiýäniň Antalýa ülkesinde fermer adaty bolmadyk karara geldi, ol ýerli ýaşaýjylara dört tonna töweregi pomidor hasylyny mugt paýlady. Munuň sebäpi, lomaý bazarda haryda islegiň ýokdugy diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Turan Gywrak öz hasyly üçin müşderi tapmandygyny aýdýar. Nyrhlaryň hemişe üýtgäp durýandygy üçin ol pomidory arzan bahadan satmak islemändir, tersine, adamlara mugt paýlanyny gowy görüpdir. Gywragyň aýtmagyna görä, şeýle etmek ýetişdirilen hasyly zaýalanyňdan gowudyr.
Ol hasyly Çynarly meýdançasynda halka paýlady. Şäherliler onuň çakylygyna üýşüp geldiler, ýanlary bilen ýaşşikleridir paket torbalary getirip mugt pomidor alyp gitdiler.
Bu waka ýerli oba hojalykçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýene jemgyýete ýaýdy. Daýhanlar öz önümlerini ýerlemekde kynçylyk çekýärler, şeýle hem lomaý satyn alyş nyrhlarynyň häli-şindi üýtgäp durmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýip, «Haberler.com» portaly ýazýar.