Turkmenportal logo
Şu gün 10:43
40904090
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi adam hukuklary we ylym-bilim ugurlary boýunça gepleşikleri geçirdi

10-njy iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Tbiliside Gruziýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen iki sany duşuşyk geçirdi.

Gruziýanyň Halk goragçysy (Ombudsman) L.Ioseliani bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar adam hukuklaryny goramak, adam hukuklary boýunça milli mehanizmleri kämilleşdirmek we olaryň iş ýüzünde ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini belläp, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Şeýle-de Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ministri G.Mikanadze bilen hem aýratyn duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň esasy özenini bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri düzdi. Taraplar şertnama-hukuk binýadyny giňeltmäge, akademiki utgaşyklylygy (iki taraply hereketliligi) ösdürmäge, talyplaryň we mugallymlaryň özara tejribe alyşmalaryna, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berdiler.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar dialogy dowam etdirmäge we iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.