Turkmenportal logo
Şu gün 09:29
52165216
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary halkara bäsleşiklerde ýeňiji boldular

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylmy we bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etdiler — diýip, «Türkmenistan: Altyn Asyr» neşiri habar berýär.

Institutyň agrohimiýa kafedrasynyň uly mugallymy Ýaňyljon Palýazowa «Ylym suratlarda» atly V Halkara fotosurat bäsleşiginde «Ylymdaky adamlar» ugry boýunça hödürlän işi bilen I orna mynasyp boldy. Bäsleşik Moskwanyň politehniki uniwersiteti tarapyndan guraldy.

Şeýle hem ösümlikçilik kafedrasynyň mugallym-tejribeçisi Esen Amangulyýew we kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-tejribeçisi Wazira Ermetowa Moskwadaky «ALGORITM» ylmy-bilim merkezi tarapyndan guralan «Ylymda üstünlik – 2026» atly halkara bäsleşige gatnaşdylar. Türkmen alymlary «Iň gowy tezis» ugry boýunça «Oba hojalyk ylymlary» we «Ykdysady ylymlar» ugurlarynda ynamly çykyş edip, birinji orunlary eýelediler.

Bu üstünlik mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda ýeňijileri hormatlamak dabarasy geçirildi — diýip, çeşmede bellenilýär.