Turkmenportal logo
Düýn 23:04
72257225
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary welaýatynda gant şugundyryny öndürmek boýunça resminama gol çekildi

Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.