Turkmenportal logo
09.06.26
1380713807
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilelikdäki MBA maksatnamasyny ýola goýmany meýilleşdirýärler

Kent döwlet uniwersiteti (ABŞ) we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikdäki MBA maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýärler. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda žurnalistler üçin geçirilen brifingde mälim etdi.

«Bu saparyň dowamynda men häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdym: Kent döwlet uniwersiteti türkmen tarapy bilen bilelikde MBA maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär» diýip, ol belledi. Diplomat munuň iki ýurduň bilim ulgamyndaky mümkin bolan hyzmatdaşlygynyň diňe bir nusgasydygyny sözüniň üstüne goşdy.

S.Rojers bilim alyş-çalyş maksatnamalarynyň diňe bir ynsanperwer däl, eýsem, strategik maksatlara hem hyzmat edip biljekdigini nygtady. Ol muňa mysal edip, şol bir saparyň çäklerinde Özbegistanda badalga berlen möhüm minerallar boýunça täze Fulbraýt maksatnamasyny görkezdi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle başlangyçlar strategik çig mallaryň üpjünçilik zynjyryny gorap saklamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Döwlet sekretarynyň orunbasary Hindistana we Nepala amala aşyran saparlarynyň dowamynda hem şuňa meňzeş taslamalaryň üstünde işländigini belledi. «Mümkinçilikler gaty köp we men ýakyn birnäçe aýyň uly netijeleri getirjekdigine pugta ynanýaryn» diýip, ol sözüni jemledi.

S.Rojersiň Türkmenistana sapary Hindistan, Nepal we Özbegistan ýaly ýurtlary hem öz içine alýan sebitleýin saparyň çäginde amala aşyrylýar. Bu sapar söwda diplomatiýasyny ösdürmäge, medeni mirasy gorap saklamaga, şeýle-de sanly mümkinçilikleri we innowasiýalary öňe sürmäge gönükdirilendir.