Turkmenportal logo
Düýn 23:00
33413341
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy boldy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň, Aşgabada sapar bilen Ýadro synaglarynyň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi baradaky Şertnamanyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we medeni-ynsanperwer alyş-çalşyň ösdürilmegine üns berildi. Taraplar sebitiň durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga ýardam berýän başlangyçlara özara goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar. Mundan başga-da, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler we iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtadylar.