Turkmenportal logo
Şu gün 15:33
54515451
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna üç gün galdy: ýaryş barada bilmeli esasy maglumatlar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna bary-ýogy üç gün galdy. Bu ýaryş taryha iň uly möçberli dünýä çempionaty hökmünde girer. Sebäbi ilkinji gezek dünýä çempionaty bir wagtyň özünde üç ýurtda — ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Şeýle hem ilkinji gezek gatnaşyjy milli ýygyndylaryň sany 48-e ýetirildi. Umuman, ýaryşyň dowamynda 104 duşuşyk geçiriler.

Açylyş we final duşuşyklary

Çempionatyň açylyş oýny 11-nji iýunda Meksikanyň paýtagtyndaky meşhur «Asteka» stadionynda geçiriler. Bu stadion ozal 1970-nji we 1986-njy ýyllardaky dünýä çempionatlarynyň final duşuşyklaryny kabul edipdi. Ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Meksikanyň we Günorta Afrikanyň milli ýygyndylary duşuşar.

Final oýny bolsa 19-njy iýulda ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky 82 müň tomaşaçy orunlyk «MetLaýf» stadionynda geçiriler.

Ýaryşyň tertibi

48 milli ýygyndy her birinde dört ýygyndy bolan 12 toparça bölündi. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle hem üçünji orny eýelän ýygyndylaryň arasynda iň gowy netije görkezen sekiz ýygyndy pleý-off tapgyryna çykmaga hukuk gazanar.

Toparçalaýyn duşuşyklar 11–27-nji iýun aralygynda geçiriler, final duşuşygy bolsa 19-njy iýula meýilleşdirilýär.

Stadionlar

Duşuşyklaryň aglaba bölegi ABŞ-da geçiriler. Bu ýurtda 11 şäherde ýerleşýän dokuz stadion ýaryş üçin peýdalanylar. Olaryň arasynda Nýu-Ýork, Los-Anjeles, Maýami we Hýuston şäherlerindäki arenalar hem bar.

Meksikada duşuşyklar Mehiko, Gwadalahara we Monterreý şäherlerinde geçiriler. Kanadada bolsa Toronto we Wankuwer şäherleri oýunlary kabul eder. Bu Kanadanyň öz çäginde ilkinji gezek dünýä çempionatyny kabul etmegidir.

Gatnaşyjylar we esasy dalaşgärler

Soňky dünýä çempiony 2022-nji ýylda Katarda geçirilen finalda Fransiýanyň ýygyndysyny ýeňen Argentinanyň milli ýygyndysydyr.

Bilermenler çempionlyk ugrunda esasy dalaşgärler hökmünde Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Angliýanyň, Braziliýanyň, Portugaliýanyň, Niderlandlaryň, Argentinanyň we Germaniýanyň milli ýygyndylaryny görkezýärler.