Turkmenportal logo
Düýn 14:18
67296729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFP: Fransiýanyň öňki Prezidentiniň aýaly Bernadett Şirak aradan çykdy
Surat: rg.ru

Fransiýanyň 1995-2007-nji ýyllar aralygyndaky öňki Prezidenti merhum Žak Şiragyň aýaly Bernadett Şirak 93 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň gyzy Klod Şiraga salgylanýan «Agence France-Presse» agentligi habar berdi.

Bernadett iň soňky gezek köpçülikde 2018-nji ýylyň tomsunda göründi.

Ol syýasy wezipede işlän ýeke-täk birinji hanymdy, 1979-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli ýurduň Korrez departamentiniň Sarran kommunasynyň geňeinde baş geňeşçi bolupdy.

Bernadett Şirak dünýäniň onlarça ýurdy tarapyndan gowşurylan döwlet we jemgyýetçilik sylaglarynyň eýesidi.