Turkmenportal logo
Şu gün 12:55
30253025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Angliýanyň ýygyndysynyň türgenleşýän ýeriniň golaýynda atyşyk boldy

6-njy iýunda irden ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherindäki Trost-Awenýu köçesinde atyşyk hadysasy ýüze çykdy. Bu ýeri Angliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty üçin niýetlenen türgenleşik düşelgesinden bäş milden hem az aralykda ýerleşýär.

Ýerli polisiýanyň wekilleriniň habar bermegine görä, hadysanyň netijesinde dokuz adam ýeňil şikesler bilen lukmançylyk kömegini sorap ýüz tutdy. Olaryň üçüsi, şol sanda aýallar, hassahana ýerleşdirildi. Häzirlikçe güman edilýän şahslar saklanmady, atyşygyň sebäbi hem anyklanmady.

Waka ýerli wagt bilen şenbe güni irden bolup geçse-de, bu barada giňişleýin maglumat diňe birnäçe günden soň köpçülige ýetirildi.

Bar bolan habarlara görä, hadysa bolan wagty Angliýanyň milli ýygyndysy heniz Kanzas-Siti şäherine gelmändir. Topar ýakyn günlerde Florida ştatynyň Orlando şäherinde Kosta-Rikanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.