Aşgabatdaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň dürdänesi» atly mowzuklaýyn sergi guraldy.

Sergi Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde 5 — 7-nji iýun aralygynda geçirildi.
Sergide Azerbaýjanyň Milli sungat muzeýinden we Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinden getirilen halk amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sergilenýän eksponatlaryň taryhy XV asyrdan başlap şu güne çenli döwri öz içine alýar. Bu ýerde gadymy azerbaýjan eşikleriniň we ussatlyk bilen edilen keşdeleriň nusgalary, namazlyklar, gap-gaçlar, hojalyk harytlary we zergärçilik şaý-sepleri ýerleşdirildi.

Azerbaýjan halkynyň medeniýetinde haly adam ömrüniň dowamynda — doglan gününden başlap, dünýeden ötýänçä ýanynda bolýan mukaddeslik hasaplanýar. Goýy we gyzyl reňkleriň agdyklyk edýän, şeýle-de özboluşly nagyşlary bilen tapawutlanýan gadymy taryhy eksponatlar azerbaýjan halkynyň hakyky ruhuny şöhlelendirýär.

Serginiň bezegine öwrülen «Leýli we Mejnun» atly döwrebap haly hem tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Onuň eskiziniň awtory Eldar Mikailzadedir.

Şeýle-de sergide Azerbaýjanyň gadymy we häzirki zaman binagärlik ýadygärlikleriniň şekillendirilen suratlary görkezildi.
Moda eşikleriniň toplumyny bolsa Azerbaýjanyň Milli egin-eşik merkeziniň ýolbaşçysy, sungatşynaslyk ylymlarynyň doktory, dizaýner Gülnara Halilowa hödürledi. Türkmenistanyň «Miras» öýüniň manekençileriniň gatnaşmagynda geçirilen moda görkezilişi adaty tebigy ýüpekden dokalan milli ýaglygyň kömegi bilen häzirki zaman zenan modasyny nähili özgerdip bolýandygyny görkezdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, serginiň myhmanlaryna Azerbaýjanyň milli süýji-köke önümleri — baklawa, şekerpare we beýlekiler hödürlendi.