Turkmenportal logo
Düýn 22:03
34163416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti bäş aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň bäş aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – maý  aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň kanunlarynyň 6-sy, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmäge, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmäge, telekeçilik işini ösdürmäge, daşky gurşawy, suwuň biologiki serişdelerini goramaga, migrasiýa işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen we başga-da birnäçe degişli kanun taslamalaryna degişli üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.

Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň  möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde bäş aýyň dowamynda alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.