Turkmenportal logo
Düýn 17:11
61346134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rubio Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda boljakdygyny habar berdi
Surat: tass.ru

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio şu ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda boljakdygyny habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Ýurduň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça komitetinde bolan diňlenişiklerde Rubio Prezident Donald Trampyň edarasynyň Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa respublikalary bilen söwdasyny çäklendirýän Jekson-Wenigiň düzedişiniň amerikan kanunçykaryjy edarasy tarapyndan ýatyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi. «Biz bu peýdaly bolardy diýip hasaplaýarys» diýip, Döwlet sekretary nygtady.

«Ýeri gelende aýtsak, biz şu ýyl gijräk sebitde C5+1 formatynda duşuşyk geçirmekçi bolýarys, oňa men gatnaşmakçy» diýip, amerikan daşary syýasat edarasynyň başlygy habar berdi.

C5+1 – bu ABŞ-nyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen toparlaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň guralydyr. Ol 2015-nji ýylda esaslandyryldy.