Turkmenportal logo
Düýn 16:19
48654865
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen dizaýneri A.Korostowa Aşgabatda geçirilen halkara dizaýnerler bäsleşiginde özüniň ilkinji uly toplumyny tanyşdyrdy

Türkmen dizaýneri Anna Korostowa Aşgabatda geçirilýän «Turkmentextile Expo-2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde guralan dizaýnerler bäsleşiginde özüniň ilkinji uly awtorlyk toplumyny tanyşdyrdy. Şol bir meýdançada ol Fransiýanyň, Marokkonyň, Omanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň dizaýnerleri bilen bir hatarda öz işlerini görkezdi.

Toplum «Anew» diýlip atlandyryldy, bu söz iki dürli manyda gelýär : türkmen dilinde dizaýneriň önüp-ösen mekany bolan Änew şäherini aňlatsa, iňlis dilinde «täze başlangyç» diýmegi aňladýar. «Bu meniň iň uly ilkinji tanyşdyrylyşym. Ilkinji uly toplumym» diýip, A.Korostowa aýtdy.

Dizaýneriň döredijilik usulynyň esasynda türkmen milli äheňleri bilen ýewropa biçüwleriniň utgaşmasy ýatýar. Dizaýner Türkmenistanyň we Ýewropanyň medeniýetiniň utgaşmasynda täze görnüşleri döretmäge çalyşýar. «Anew» toplumyna türkmen mahmalyndan, milli nagyşly ketenilerden hem-de ştapelden tikilen köýnekler, ýubkalar we bluzalar girizildi. «Ştapel gaty ýönekeý material hasaplanýar, ýöne meniň pikirimçe, ol ajaýyp — biziň türkmen tomusymyz üçin gaty oňaýly» diýip, dizaýner belledi.

A.Korostowa ýedi ýaşyndan bäri geýim tikýär, konstruktorlyk bilimi bar, soňra bolsa «marketing we menejment» hünäri boýunça ýokary okuw mekdebini tamamlapdyr. Onuň sözlerine görä, ol uly göwrümli dizaýnerler bäsleşigini guramak baradaky pikiri eýýäm köp wagtdan bäri meýilleşdirip gelýärdi, ýöne ozal diňe kiçi göwrümli tanyşdyrylyşlar bilen çäklenipdi. Sahna çykmazynyň öňüsyrasynda dizaýner hiç hili tolgunma duýmaýandygyny aýtdy: «Men özümi öz ýerimde ýaly duýýaryn».

«Turkmentextile Expo-2026» halkara sergi-ýarmarkasy Aşgabatda 4-nji iýundan 6-njy iýun aralygynda geçirilýär we dürli ýurtlardan 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemleýär. Çäräniň ugurlary dokma enjamlaryny, tebigy süýümleri gaýtadan işlemegi, moda we dizaýny, şaý-sepleri hem-de ýeňil senagatyň beýleki ugurlaryny öz içine alýar.