Amerikan brendi bolan «U.S. Polo Assn.» (USPA) kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili 4 — 6-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde atly polo oýny üçin niýetlenen hünärmen derejesindäki lybaslary we enjamlary ilkinji gezek tanyşdyrdy.
Kompaniýanyň diwanynda polo oýny üçin zerur bolan ähli enjamlar: gorag şlemi, deri eýer, bambukdan ýasalan mallet taýaklary, dyzlyklar we uzyn deri ädikler sergilendi. Brendiň Türkmenistandaky satuw geňeşçisi S.Guseýnowanyň aýtmagyna görä, bu enjamlar ilkinji gezek görkezilýär we häzirlikçe satuwda ýok, ýöne kompaniýa geljekde bu ugry ösdürmegi meýilleşdirýär.
«Bu sergide biz ilkinji gezek atly polo oýny üçin sport lybaslaryny we enjamlaryny tanyşdyrdyk. Häzirlikçe bulary satmaýarys, ýöne geljekde meýilleşdirýäris» diýip, ol belledi.
USPA-nyň Türkmenistandaky dükanlary Magtymguly şaýolundaky «Uniwermag» söwda merkezinde ýerleşýär. Dükanlarda erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň lybaslary hödürlenilýär. Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, Aşgabatdaky satuwlar şowly dowam edýär, sergä gelenleriň arasynda bolsa has köp gyzyklanma döreden önümler erkekleriň köýnekleri, sport balaklary we çaga lybaslary boldy.
«U.S. Polo Assn.» brendi 1890-njy ýylda döredilip, ol Amerikanyň Polo Assosiasiýasynyň resmi brendidir.
«Turkmentextile Expo-2026» halkara sergi-ýarmarkasy 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi. Çäräniň ugurlary dokma enjamlaryny, tebigy süýümleri gaýtadan işlemegi, moda we dizaýny, şaý-sepleri we ýeňil senagatyň beýleki ugurlaryny öz içine alýar.