Turkmenportal logo
Düýn 15:51
62016201
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lissabonda türkmen mediýa wekilleri RTP kompaniýasyny Belet platformasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda 1–4-nji iýun aralygynda Lissabona amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Portugaliýanyň RTP (Rádio e Televisão de Portugal) jemgyýetçilik teleradioýaýlymlar kompaniýasynyň baş edarasynda boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Portugaliýada teleradioýaýlym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini, şeýle hem Türkmenistanyň media pudagynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Portugaliýaly hünärmenler öz telewideniýe we radioýaýlymlaryny tehniki hem-de redaksiýa taýdan kämilleşdirmek boýunça toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary öz gezeginde ýurdumyzyň Belet milli striming platformasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyşyň dowamynda portugaliýaly kärdeşler platformanyň döwrebap dizaýnyna we onuň ýokary tehnologik derejede işlenip taýýarlanylandygyna ýokary baha berdiler. Esasan-da, sport gepleşiklerini göni ýaýlymda görkezmek mümkinçiligi, şeýle hem platformada elýeterli bolan dürli görnüşli multimediýa mazmuny uly gyzyklanma döretdi.

Türkmen tarapy media ulgamynda hünär tejribesini alyşmak üçin döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik bilen garşylandyklary üçin portugaliýaly kärdeşlerine hoşallyk bildirdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň, döwlet neşirleriniň redaksiýalarynyň, şeýle hem Turkmenportal internet neşiriniň wekilleri girdi.