Turkmenportal logo
Düýn 15:12
64896489
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada «Çanmi» deňiz tupanyndan 23 adam ejir çekdi
Surat: khovar.tj

Ýaponiýada dörän «Çanmi» deňiz tupanynda 23 adam ejir çekdi diýip, ýurduň baş ýangyn edarasyna salgylanýan TASS habar berdi.

«Çanmi» ýurduň günorta, günorta-günbatar we günbatar böleklerindäki prefekturalaryň altysynda hasaba alyndy. Okinawa prefekturasynda ýagdaý has-da çylşyrymly bolup, 17 adam ejir çekdi, olaryň biriniň saglygy howp astynda diýip, «Khovar.tj» internet neşiri ýazýar.

Häzirki wagtda deňiz tupany ýokary tizlikde Ýuwaş ummany gyratlap, Honsýu adasyna tarap barýar.

Tebigy heläkçilik howa gatnawlarynda giň bökdençlikleri döretdi, öňki gün içki gatnawlaryň 760-dan köpüsi hem-de 90 sany halkara uçuşy ýatyryldy. Häkimiýetler sil joşgunlarydyr süýşgünleriň döremek howpy barada duýdurýarlar.