Turkmenportal logo
Düýn 14:46
40114011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Brýusselde Belgiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Brýusseliň Egmont köşgünde Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Maksim Prewonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň ilçileri bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň başlangyjy boýunça, türkmen ilçihanasynyň we Belgiýanyň DIM-iniň bilelikdäki tagallalary netijesinde guraldy.

Çäräniň dowamynda Belgiýanyň sebitiň ýurtlary bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, möhüm çig mal serişdeleri, logistika, innowasiýalar we durnukly ösüş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maksim Prewo sebitiň ýokary ykdysady ösüşini we demografik mümkinçiliklerini aýratyn belläp, Belgiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaşlar hökmünde garaýandygyny nygtady. Ministr Ýewropanyň «ýaşyl» geçişi, energetika howpsuzlygy we tehnologik ösüşi üçin zerur bolan möhüm çig mal serişdeleri meselelerine aýratyn üns berdi.

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow öz çykyşynda sebiti Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky dinamiki baglanyşyk giňişligi hökmünde tanyşdyrdy. Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önümi (JIÖ) 500 milliard amerikan dollaryndan geçdi, sebitara söwda soňky bäş ýylda tas iki esse artyp, 2025-nji ýylda 12,3 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Alty döwletiň — Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we Mongoliýanyň ilaty bolsa, takmynan, 86 million adama deň bolup, olaryň ýarysyndan gowragy 30 ýaşdan kiçidir.

Ulag ulgamy barada durup geçmek bilen, ilçi Hazarüsti halkara ulag ugrunyň (Orta geçelge) ösüşine we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, Antwerpen-Brýugge portunyň Hazarüsti geçelgäniň tebigy günbatar hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.

Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň we Mongoliýanyň ilçileri hem Belgiýa we Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk boýunça öz ýurtlarynyň ileri tutulýan ugurlaryny we tekliplerini hödürlediler. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar gepleşikleri hem sebit, hem-de ikitaraplaýyn derejede ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.