Turkmenportal logo
Düýn 09:33
49704970
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
MiniBoss we BigBoss Aşgabatda talyplaryň taslamalarynyň çempionatyny geçirer

6-njy iýunda sagat 11:00-da «Arkaç» işewürlik merkezinde (2-nji gat) MiniBoss we BigBoss halkara bilim mekdebiniň talyplarynyň taslamalarynyň çempionaty geçiriler. Çäräniň dowamynda çagalar we ýetginjekler okuw döwründe işläp taýýarlan işewürlik taslamalaryny – ilkinji pikirden başlap, doly işlenip düzülen konsepsiýa çenli bolan taslamalaryny hödürlärler.

Çempionat ýaş gatnaşyjylar üçin açyk görnüşdäki jemleýji synag bolar. Olaryň hersi diňe bir taýýar taslamasyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem ony ynamly tanyşdyrmaly, öz pikirlerini esaslandyrmaly we toparlaýyn işlemek başarnyklaryny görkezmeli bolar. Myhmanlara özboluşly çözgütler hem-de ýaş telekeçileriň ylham beriji çykyşlary garaşýar.

MiniBoss we BigBoss çagalaryň telekeçilik pikirlenmesini, liderlik häsiýetlerini we amaly başarnyklaryny ösdürmäge ýöriteleşen halkara bilim mekdebidir. Onuň esasy aýratynlygy taslama esasly okuw usulydyr. Talyplar diňe nazaryýeti öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem alan bilimlerini gysga wagtyň dowamynda amalda ulanyp, öz işewürlik taslamalaryny döredýärler.

Guramaçylar ähli gyzyklanma bildirýänleri ýaş gatnaşyjylary goldamaga we olaryň taslamalary bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýarlar. Giriş mugt.