Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, işewür türkmen döwletiniň Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşalyk bildirip, amerikan işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar deňhukukly hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Soňky ýyllarda türkmen-amerikan döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi ýola goýlan gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge itergi berýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürmekde türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň uly goşandyny belledi hem-de Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny we Işewürler geňeşi tarapyndan anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.
Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we işewür birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.