Turkmenportal logo
04.06.26
50315031
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýa dokma senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär – ilçi Bruk

Italiýa dokma senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Bruk «Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Turkmenportal neşiriniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ilçiniň bellemegine görä, Italiýanyň kompaniýalarynyň aglabasy türkmen bazarynda 1990-njy ýyllardan bäri iş alyp barýar. Bu bolsa iki ýurduň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin we durnukly häsiýete eýedigini görkezýär. Şu ýyl Italiýa sergide bu ýurduň Söwda agentligi (ITA) tarapyndan guralan bitewi milli pawilýon bilen çykyş edýär. Pawilýonda Bianco, Color Service, Corino Macchine, Dover Industries Italy, Itema, Marzoli, MCS, Mesdan, Salvade, Savio we Stalam ýaly ugurdaş 11 kompaniýa birleşdirildi.

«Hyzmatdaşlygymyz hakykatdanam örän ýakyn. Ony has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Biz ösmegi, has köp işleri amala aşyrmagy isleýäris. Munuň üçin elimizden gelen ähli zady etmäge taýýardyrys. Şu günki Italiýanyň resmi pawilýony hem Italiýanyň Türkmenistana dokma senagatyndaky strategik hyzmatdaş hökmünde garaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr» — diýip, diplomat nygtady.

Ilçi hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pagta çig malyny çuňňur gaýtadan işlemek üçin niýetlenen Italiýanyň enjamlarynyň üpjünçiligini görkezdi. Onuň sözlerine görä, gürrüň goşmaça gymmaty ýokary bolan, has çylşyrymly we ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalar barada gidýär. Şeýle çemeleşme gaýtadan işlenmedik çig malyň eksport edilmeginiň ornuny tutup biler.

«Türkmenistan dünýäde iň ýokary hilli pagtalaryň birine eýe bolan ajaýyp ýurt. Ýöne çig malyň gymmatyny artdyrmak has möhümdir. Italiýanyň enjamlary Türkmenistana has çylşyrymly we ýokary hilli önümleri öndürip, eksport etmäge ýardam berip biler» — diýip, Bruk aýtdy.

Tehnologik hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, italiýan tarapy türkmen kärhanalaryna taýýar önümleri Italiýanyň, beýleki Ýewropa ýurtlarynyň hem-de Günbatar bazarlarynyň söwda meýdançalaryna çykarmakda hem ýardam bermäge taýýardyr. Ilçiniň sözlerine görä, bu türkmen öndürijileri üçin düýbünden täze eksport mümkinçiliklerini açýar.

Martin Bruk iki ýurduň dokma pudagy bilen baglanyşykly çuň taryhy ýakynlygyna hem ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, dokmaçylyk «Türkmenistanyň DNK-synyň bir bölegi» bolup, türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Hut şu aýratynlyk iki döwleti biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar. Italiýada dokma önümçiligine degişli ilkinji enjamlar orta asyrlarda peýda bolupdyr, XVIII–XIX asyrlarda bolsa ýurduň demirgazygynda güýçli senagat binýady emele gelip, Italýada öndürilýän matalar tutuş Ýewropa we onuň çäklerinden daşarda-da satylypdyr. Türkmenistan bolsa has gadymy dokmaçylyk däplerine eýedir. Arheologik maglumatlar bu topraklarda takmynan üç müň ýyl mundan ozal hem matalaryň öndürilendigini tassyklaýar.

«Biziň ýurtlarymyz dokmaçylyk bilen baglanyşykly ajaýyp taryhy mirasy paýlaşýar» — diýip, ilçi sözüni jemledi.

«Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasy Aşgabat şäherinde 4–6-njy iýun aralygynda geçirilýär. Bu çäre sebitiň dokma senagaty üçin möhüm halkara meýdançalarynyň biri bolup, dünýäniň dürli ýurtlaryndan öndürijileri, enjam üpjün edijileri we işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemleýär.