Turkmenportal logo
Düýn 20:22
32853285
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň bilen ÝUNISEF-iň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde guralan, Halkara çagalary goramagyň  gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanda ÝUNISEF bilen bilelikde durmuşa geçirilýän häzirki we geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, öňde geçirilmegi meýileşdirilýän bilelikdäki çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meseleler hem garaldy.