Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Palestina Döwleti bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň medeni mirasyny gorap saklamaga we ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.