Turkmenportal logo
Düýn 17:30
46184618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mette Frederiksen täze bileleşik bilen üçünji möhlete gidýär
Surat: unn.ua

Daniýanyň Premýer-ministri Mette Frederiksen ABŞ bilen dartgynly gatnaşyklara gözegçilik etmek üçin bileleşik düzmek ugrunda uzaga çeken gepleşiklerden soňra üçünji möhletde hökümetde galar. Bu barada «Bloomberg» agentligine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Mette Frederiksona ahyrsoňy çepçimerkezçi koalisiýany döretmek başartdy, bu bileleşigiň düzüminde sosial-demokratlar we «Ýaşyl çepçiler», sosial-liberallardyr çepçi partiýalar tarapyndan goldanýan hökümetdäki azlyk jemlenip, ýurdy dolandyrarlar. Bilermenler täze Hökümetiň öňünde Grenlandiýa boýunça gepleşikleriň dowam edýändigi üçin Prezident Donald Tramp bilen dartgynly gatnaşygy ýeňip geçmek wezipesiniň durandygyny belleýärler. Waşington Daniýadan ýarym özbaşdak çäge (Grenlandiýa) gözegçiligi almakçy bolýar.

Ýanwarda Daniýa, Grenlandiýa we ABŞ bu diplomatik jedeli sazlaşdyrmak boýunça işçi toparyny döretmek barada ylalaşdylar.